Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisiniň we iki
ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine
gatnaşmak üçin 2021-nji ýylyň 26 — 28-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam
Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
BAŞ SAHYPA: Syýasat 26-28-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda gulluk iş saparynda bolar
26-28-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda gulluk iş saparynda bolar
