Ibn Hallikanyň «Tanymallaryň wepaty we döwürdeşleriň Söhbedi» atly
eserinde ýatlamagyna görä, «Faraby öz döwrüniň Hökümdarlarynyň biri
Seýfeddöwläniň huzuryna barýar. Birnäçe wakalardan we geň galmalardan
soňra, al-Faraba göwni ýeten Seýfeddöwle sarpaly myhmanyndan göwün
küýsegini soraýar. Faraby aýdym-saza suwsandygyny aýdansoň, Seýfeddöwle
özüniň iň ussat sazandalaryny çagyrypdyr. Ýöne, olaryň haýsy biri saza
başladygy, Faraby onuň nogsanlygyny aýdyp otyrmyşyn. Seýfeddöwle muňa
geň galyp: «Halypamyz, sen mundan hem baş çykarýarmyň?» diýip soraýar.
Faraby «hawa» diýip, baş atansoň, ýanyndaky goştorbasyndan saz guralyny
çykaryp, saz çalyp berýär welin, oturan märekäniň ählisi aglaşyp-eňreşip,
gözýaş döküp otyrmyşyn. Soň saz guralyny täzeden düzüp, başga bir sazy
çalypdyr welin, ýaňky aglaşyp oturanlar gülşüp, şadyýan bolşup otyrlar diýýär.
Faraby sazyny üçünji ýola düzüp, täze bir mukamy çalanda, ol ýerde
oturanlaryň ählisi, çuňňur uka batyp galypdyr. Farabynyň özi bolsa, olaryň hiç
birini oýatman daşary çykypdyr…». Rowaýata meňzeş bu ýagdaý Farabynyň
döwürdeşleri we ondan soňky alymlar tarapyndan köpsanly eserlere girizilipdir.
Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.