ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy, ýagny NASA, Ogaýo
ştatynyň Kliwlend şäherindäki Glenn gözleg merkezinde Aýda “Wi-Fi” (simsiz
sebit) ulgamyny döretmek boýunça işe başlady. “NASA” kompaniýasy
dünýädäki internet birikmesi meselelerini “Wi-Fi” gözlegleri bilen çözmegi
meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Glenn gözleg merkeziniň kompas barlaghanasynyň başlygy Stiw Oleson “Wi-
Fi” taslamasynyň dünýäde ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin
möhümdigini aýtdy. Oleson Ýer we Aý gurşawy dürli-dürli bolsa-da, Aýdaky
“Wi-Fi” ýygylyklarynyň Ýerdäki ýaly bolup biljekdigini hem mälim etdi.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.