Dünýä ýurtlarynyň arasyndaky kosmos ýaryşyna ýene bir ýurt goşuldy. Aýa
gitmegi maksat edinýän ýurtlaryň biri bolan Günorta Koreýa ilkinji gezek içerki
enjamlar bilen işlenip düzülen raketasyny kosmosa iberdi. Seulyň hökümeti
2027-nji ýyla çenli ýene dört “Nuri” hemrasyny kosmosa ibermek isleýär.
Ýurduň paýtagty Seuldan 500 km uzaklykda ýerleşýän, Goeungdan uçurylan
emeli hemranyň doly ady “Koreýa hemra uçuryjy ulag 2”. Şeýle-de bolsa, öz
baýlyklary bilen Günorta Koreýa tarapyndan işlenip düzülen hemra gysgaça
“Nuri” adyny dakdylar. Koreý dilinde “Nuri”, dünýä diýmekdir.
Günorta Koreýa şu wagta çenli kosmosa ýedi sany hemra iberdi. Günorta
Koreýanyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli Aýa ulag ibermekdir.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.