Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini, zehinini,
ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. Ol talyplaryny ýanyna çagyryp:
«Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň»
diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny hatyrynda gaýtalapdyr, küti-küti
kitaplary dörjelemäge başlapdyr. «Ajaýybul-mahlukat we garaýibul-mewjudat»
ýaly eserleri hem sahypalap söküpdirler. Jennet topragynyň nirede
ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler. Şol
günleriň birinde Al-Merwezi lakamly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp,
Merwe gidendigini talyplar bilip galýar. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp:
«Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň
nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde bir mukaddes ýer bardyr, ony
hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene»
diýşipdirler. Birnäçe günden soň Al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiň
öňünde goýupdyr: «Tagsyr, ynha, size jennetden bir gysym toprak getirdim»
diýipdir. Müderris hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir we ony ähli
talybyň öňünde açyp görkezipdir. Üýtgeşik topragy görmäge höwesek talyplar
düwünçegiň daşyna egele bolupdyrlar. Görseler, adaty bir gum. Talyplar bu
wakanyň syryna akyl ýetirip bilmändirler. Müderris ondan «Hany, şägirt,
munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryňa hem düşündir, ýogsam, olar ynam
etmeýäne meňzeýär» diýipdir. «Tagsyr, hezreti Pygamberimiziň «Jennet
eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen mübärek sözleri bar. Men hem obama
baryp, enemiň basyp giden aýak yzyndan bir goşawuç gum aldym, ine, şu hem
jennet top ragydyr» diýip jogap beripdir. Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr.
Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy galmandyr.
Öwrenen zatlarynyň ýadynda galmandygyna we talap edilýän zadyň asyl
hikmetine göz ýetirmän, ony düýbünden başga ýerden gözländiklerine
düşünipdirler.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.