Küşdüň taryhynda özüniň görnükli yzyny goýan Muhammet as-Sulynyň
döredijilik işi halyf ar-Razynyň döwründe has-da rowaçlanýar. Taryhçy Mesgudy
bu barada gyzykly bir maglumaty berýär: «Günlerde bir gün halyf ar-Razy aw-
şikara çykanda bir gülzarlygyň üstünden barýar. Täsin öwsüp duran güller
halyfyň kalbyny heýjana salýar. Ol ýanyndaky adamlaryndan: «Heý, şundan
gözel zady ozal görüpmidiňiz?» diýip sorapdyr. Olar hem gülzarlygy biri-
birinden beýik taryp etmäge, halyfyň göwnünden turmaga jan edipdirler.
Emma halyf ar-Razy başyny ýaýkapdyr: «Ýok, siz her näme diýseňizem, meniň
diýjegimden juda bärden gaýdýar. As-Sulynyň oýunlary mundan we siziň ähli
wasplaryňyzdan has owadan görünýär» diýipdir.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.