Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döw-
letimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda taryhymyzy çuňňur
öwrenip, ony köpçülige ýaýmaga uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň
tagallasy bilen döredilýän şertler biz ýaşlaryň taryha bolan söýgimizi has-da
artdyryp, ony içgin we dogruçyl öwrenip, köpçülige ýetirmäge giň ýol açýar. Alym
Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen halkynyň baý taryhyndan söz açýan täsirli
maglumatlar beýan edilýär. Türkmen halkynyň çäginde bina gurmagyň inçe
tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň nesilleri ýaşapdyr. Olaryň
döreden ajaýyp sungatynyň biri-de, XV asyrda bina edilen, Temiriler döwrüniň
ýadygärlikleriň naýbaşylaryyň biri Seýit Jemaleddin binagärlik toplumydyr.
Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy özüniň binagärçilik çeperçiligi bilen
taryhda uly yz goýdy. Gadymy Änewiň arheologiýa depelerini öwrenmäge ilkinji
bolup, 1886-njy ýylda professor W.A.Žukowskiý başlapdyr. Ol metjidiň
portalyndaky arap ýazgysy okap, terjime edipdir. 1904-nji ýylda bolsa
R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan topary bu işi dowam etdirip, ol ýerde
gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Gündo-garşynas arheolog A.A.Semýonow metji-
diň gysgaça beýany teswirläp, 1905-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Rus sözi»
atly gazetde çap edilen «Gözellik öýüniň medeniýeti» atly makalasynda onuň
häsiýetli aýratynlyklaryny beýan edip şeýle ýazypdyr: «Uzaklardan seleňläp
görünýän Änew ýadygärlikleri nazarynda baky galyp, bilesigelijiligiňi artdyrýar.
Ýadygärlikler toplumynyň dünýäsine aralaşanyňda, türkmenleriň ata-babalarynyň
gudratyna haýran galýarsyň». 1902-nji ýylda K.S.Mişin metjidiň ajaýyp şekillerini
döredipdirler. Gadymy Änewiň medeni desgalary 1920-njy ýyldan başlap
A.A.Karelin, W.R.Tripolskiý ýaly alymlar tarapyndan düýpli öwrenilmäge
başlanypdyr. Şol bir wagtyň özünde S.S.Sklýarow ilkinji bolup metjidiň çyzgysyny
çyzypdyr. 1947-nji ýylda bolsa alym W.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta
Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy toplumy çuň we
hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi.

Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärçilik sungaty özboluşlydyr. Girelgäniň
ýokarsyndaky gönüburçlukda garamtyl-gök reňkde Abyl-Kasym Babyryň
soltanlyk eden ýyllarynda gurluşygyň amala aşyrylandygyny habar berýän arap
ýazgysy ýer-leşdirlipdir. Onuň aşaky bölegi dürli-dürli reňkler ulanylyp, örän
ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bezegler bilen bezelip, ol ýere syrçaly nagyş
düzümlerinden düzülen bir-birine simmetrik ýerleşdirilen iki sany towlanyp duran
aždarhanyň şekili ýerleşdirilipdir. Esasy girelgäniň içki aýlawly örümiň öň tarapyn
bir-birine çalşyryp gelýän uly möçberli dogry we süýndürilen altyburçluklar
gurşaýar, olaryň daşy gök reňkli syrçaly çyzyk bilen aýlanýar. Aýlawly örümiň
aşaky bölegiň iç tarapynda iki gapdalynda dikligine gök reňkiň ýüzüne ak harplar
bilen «nashi» ýazgysy ýazylypdyr.
Metjidiň girelgesiniň bezeginiň bütewi görnüşiniň umumy reňki garamtyl-
mawy sowuk äheňli ýagdaýda bolup, aždarhalaryň açylyp duran agzyndan gözbaş
alýan biri beýlekisine çyrmaşyp gidýän ösümlikleriň baldaklarynyň ýaşyl we
mawy reňkli okgunly çylgymlary, daşyna ak gaýma çekilen hem-de garamtyl-
badam öwüşgünli ýiti burçly uly ýapraklar, ortasy garamtyl menek-menek ak
güljagazlar seretdigiňçe barha duralyp barýan reňkleriň özara sazlaşygyndan hiç
haçan gaýtalanmajak ajaýyp bir sungaty emele getirýär. Dört aýakly we bäş
barmakly penjelerine daýanyp duran ýylan görnüşli, eýmenç kelleli iki aždarhanyň
şekili syrçalanan keramika bölejiklerinden ussatlyk bilen düzülipdir. Olaryň büdür-
südür teňňeli endamy töweregi garamtyl-badam reňkler bilen aýlanan ak
tegmillerden ybaratdyr. Aždarhalaryň ikisiniňem tutuş göwresiniň endamy,
aýaklary, penjeleri, guýrugy ak zolak bilen jäheklenip, onuň üstünden arkasyndaky
diş-diş gerşi ýatgy sary reňkde suratlandyrylypdyr. Şeýle ýatgy sary reňkler bilen
aýaklarynyň göwresine sepleşýän käbir ýerlerinde çyzyklar çekilipdir. Köp
halklaryň rowaýatlarynda, ertekilerinde ýylanlaryň uzak ýaşap aždarhalara
öwrülişi, olaryň genji-hazynalaryň goragçysy bolmagy we şuňa meňzeş geň enaýy
wakalar gürrüň berilýär. Bu barada halkymyzyň arasynda şeýle nakylyň bolmagy
hem ýöne ýerden däldir: «Ýylan ýüz ýaşasa – aždarha, müň ýaşasa – ýuwha».

Geçmişden miras galan islendik ýadygärlik taryha köptaraply tapawutlyklary
bilen giripdir. Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy hem Merkezi Aziýanyň
medeniýetiniň taryhyna, binagärçiligine, ilkinji nobatda, özüniň täsin hem syrly
aždarhalary bilen girdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhynda heniz gabat
gelinmedik bu täsin şekiller özüne çekijiligi bilen metjidiň gymmatyny has-da
artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň dünýäde iň irki medeni
ojaklaryň biridigini, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-
hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döreden halkdygyny indi tutuş dünýä ykrar
edýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Goý, beýik işleriň gözbaşynda durup,
halkymyzyň köpasyrlyk milli mirasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň
jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara
beslensin!

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.