Ýurdumyzda iri pudaklaryň biri bolan energetika pudagy uly üstünliklere
beslenýär. Elektrik energiýasynyň önümçiligi ýurdumyzyň ykdysady
mümkinçilikleriniň bir görkezijisidir. Energetika türkmen ykdysadyýetiniň geljegi
uly bolan çeşmeleriniň biridir. Onuň ähli adamzada juda gereklidigi üçin, energiýa
howpsuzlygy dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar.
Baý tebigy gory we işläp öndürijilik mümkinçiligi uly bolan döwletimizde bu ugra
berilýän üns örän uludyr.
Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga,
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Sebäbi, elektrik
energiýasy dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki zaman
dünýäsini elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Häzirki döwürde
türkmen energetika senagaty hem okgunly ösüş depginine eýe. Elektrik
energiýasynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak üçin hem ummasyz işler alnyp
barylýar.
Ýurt ösdügiçe, durmuş kämilleşdigiçe, elektrik energiýasyna bolan isleg hem
barha artýar. Bu hakykata düýnümize we şu günümize seredip hem göz ýetirip
bolýar. Şeýle şatlykly habarlaryň biri hem ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy
döretmek bilen baglydyr. Güýz paslynyň ortaky aýynda, halkymyzyň ýyldyz
hasabyna görä, Akrap ýyldyzynyň — täze ýyldyzyň dogýan gününde, has dogrusy
23-nji oktýabrda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň
birinji tapgyryna laýyklykda güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan
«Ahal – Balkan» ýokary woltly iki zynjyrly asma elektrik geçirijisi işe girizildi. Bu
täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika mümkinçiliklerini has-da artdyrar.
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň birinji tapgyry işe girizildi

RU



