Ýaponiýa iş saparynyň barşynda 22-nji oktýabrda «Chinzanso Tokyo»
myhmanhanasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki
uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy boldy.
«Ballroom» zalynda milli Liderimizi Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei
Sato mähirli garşylaýar. Bu ýere şu uniwersitetiň we Ýaponiýanyň beýleki ýokary
okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, Ylym we
tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, iki
ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.
Ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutany Gurbanguly
Berdimuhamedowa türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy
hem-de ylmy we bilimi ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki
uniwersitetiniň Hormatly doktory adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edildi.
Uniwersitetiň ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda
dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurdy.
Döwlet Baştutany uniwersitetiň ýolbaşçylaryny we professor-mugallymlar
düzümini, talyplary, duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp,
Ýaponiýanyň esasy ylym-bilim merkeziniň işgärlerine Hirosaki uniwersitetiniň
«Hormatly doktory» diýen ýokary adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
«Men muny Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň ylym we
bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy, Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň halklarynyň dostlugynyň hem-de barha berkeýän gatnaşyklarynyň
alamaty hökmünde kabul edýärin» diýip, milli Liderimiz aýtdy.
1949-njy ýylda esaslandyrylan Hirosaki uniwersiteti dünýäde abraýly okuw
mekdepleriniň biri hasaplanylýar.
Bu ýerde 7 müňden gowrak talyp bilim alýar. Mugallymlar düzümi 2 müňden
gowrak hünärmenden ybaratdyr. Uniwersitetiň esasy wezipesi geljekki nesliň
isleglerini kanagatlandyrmak üçin çeýe bilim we ylmy-barlag işini alyp
barmakdan, talyplara özleriniň şahsy ukyplaryny ösdürmäge hem-de hünär bilimini
almaga mümkinçilik berýän gurşawy döretmekden ybaratdyr.
Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde ynsanperwer we durmuş ylymlary,
bilim, ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy we tebigy ylymlar fakultetleri,
lukmançylyk mekdebi hem-de saglyk baradaky ylym mekdebi bar.
Uniwersitetde ylmy we tehnologiýalary ösdürmek ulgamynda Ýaponiýanyň
dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygy üçin has geljegi uly ylmy-barlaglary
maliýeleşdirmek maksatnamasynyň hereket edýändigini, şeýle hem bazarda
önümleri ilerletmäge goldaw berilýändigini bellemek gerek.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Türkmenistanyň Prezidenti Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ada mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ada mynasyp boldy
