Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň,
Maltanyň, Panamanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini,
binýatlyk ýagy, gurluşyk nebit bitumyny, polipropileni satyn aldylar. Tehniki
kükürt Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny
düzdi.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň,
Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň,
Gyrgyzystanyň işewürlerine float aýnasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek
önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62
million 433 müň dollaryndan gowrak boldy.
BAE-niň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12
million 48 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 179 million 738 müň
manatlykdan gowrak el haly işlerini, pagta süýümini, pagta lintini we plastik
gaplary satyn aldylar.