Rosteh korporasiýasynyň Holding Roselektronika kärhanasy – ýörite
yzarlaýjy bilezikleriň önümçiligi bilen meşgullanar. Olar internet ulgamyna
birikmezden "adamlary gözlemek" üçin ulanylar.
Enjam LoRaWAN IoT tehnologiýasyna esaslanar. Şol sebäpli enjama SIM
karta gerek bolmaz, bu bolsa öýjükli ulgamlaryň hem gerek däldigini aňladýar. Bu
tehnologiýanyň ýene bir artykmaç tarapy, ýapyk otaglarda ýa-da ýerasty
geçelgelerde koordinatlary kesgitlemekdäki takyklygy sebäpli ýokarlanmagydyr.
Rosteh korporasiýasynyň wekilleriniň sözlerine görä, bilezigi ulanmagyň
esasy maksady çagalara we garrylara uzakdan gözegçilik etmek bolar.
Bu yzarlaýjy bilezik, adatdan daşary ýagdaýlar üçin SOS düwmesi we ykjam
impuls oksimetriýa datçigi bilen üpjün ediler. Enjamyň garaşylýan awtonomlygy –
160 sagatdan gowrakdyr.
Bilezikleriň ilkinji partiýasynyň 2021-nji ýyla çykarylmagy meýilleşdirilýär
diýip, habar berilýär.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Russiýada ulgama birikmän «adamlary gözlemek» üçin bilezikler peýda bolar
Russiýada ulgama birikmän «adamlary gözlemek» üçin bilezikler peýda bolar
