Izwestiýa neşiri endokrinolog-dietolog lukmany Ulýana Rumyansewa bilen
söhbetdeşlik geçirdi, onda lukman hurma iýmekden ýüz öwürmeli adamlaryň
kategoriýalaryny sanap geçdi.
Lukman, diňe bir bu miwäniň zyýanly tarapyna däl, eýsem peýdaly
taraplaryna hem ünsi çekdi. Hususan-da, bu önüm berhiz üçin has gowudyr – onuň
kaloriýa mukdarynyň, 100 gram agram, üçin bary-ýogy 50–55 kilokaloriýadan
ybaratdygy habar berildi. Şeýle hem, hurma ýod, demir, magniý, kaliý, kalsiý,
fosfor, marganes, A, E, C, B witaminleri, beta-karotin we pektinler ýaly peýdaly
mikroelementlere baýdyr.
Şol bir wagtyň özünde, bu önümiň köp ulanylmagy, iýmit siňdiriş ulgamynyň
bozulmagyna getirip biler. Günde, bary ýogy bir hurma iýmeklik has gowudyr. Şol
bir wagtyň özünde, käbir adamlara, hurma iýmekden düýbünden ýüz öwürmek
maslahat berilýär. Olar, süýji keselinden, gemorroýdan, içgeçmeden we iç
gatamadan ejir çekýän adamlar.
Haýsy adamlaryň hurma iýmeli däldigi anyklandy
