Makoleý Kalkin, özüniň Twitter sahypasynda "Ýeke özi öýde" filminiň,
remeýkynda surata düşjekdigi ýa-da düşmejekdigi barada habar berdi.
Aktýor "Şu günler, bu soragy maňa ýygy-ýygydan berýändikleri sebäpli, men
täze filmde çykyş etmedim. Ýöne üstünde işlänleriň hemmesine üstünlik arzuw
edýärin" -diýdi.
Ýakynda internetde, meşhur komediýanyň, gaýtadan düşürilişiniň treýleri
peýda boldy. Ondaky esasy roly “Towşan Jojo” filminiň ýyldyzy Arçi Ýetse ýerine
ýetirdi. Ol, ene-atasy tötänleýin öýünde ýatdan çykaryp, täze ýyl dynç alşyna
giden, Maks atly oglanyň keşbini oýnaýar. Gözegçiliksiz galan çaga, wagtyny
gowy geçirmek kararyna gelýär. Onuň maşgalasy bilen ýaşaýan öýüne, ogrular
girende oglanjyk gorkmaýar we garaşylmadyk myhmanlary özüne çekýän ,her
dürli mekir duzaklary gurnaýar.
Bu filmiň hakykysy 1990-njy ýylda çykdy. Kalkin onda esasy roly oýnady.
Onuň keşbi Kewin Makkallister, ol hem, öýüň eýeleri ýok wagty gymmat bahaly
zatlary öýden ogurlamaga synanyşýan jenaýatçylar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
“Ýeke özi öýde” komediýasynyň remeýky, 12-nji noýabrda Disneý +
platformasynda görkeziler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Makoleý Kalkin «Ýeke özi öýde» filminiň remeýkynda surata düşjekdigini ýa-da düşmejekdigini mälim...
Makoleý Kalkin «Ýeke özi öýde» filminiň remeýkynda surata düşjekdigini ýa-da düşmejekdigini mälim etdi
