Amerikanyň meşhur “Walmart” supermarket ulgamynda bitkoin satmak üçin
terminallar peýda boldy. Bu entek synag taslama, şonuň üçin kriptowalýuta satmak
üçin niýetlenen terminallar häzirlikçe diňe Pensilwaniýada açyldy, ýöne barlag
şowly bolan ýagdaýynda, kompaniýa, ýurduň her bir ýerinde ýerleşýän
dükanlarynda ýene 8000 terminal açmagy meýilleşdirýär.
Bitkoin satyn almak üçin ,Walmart kompaniýasy, kriptowalýutany nagt pula
çalyşýan terminallara ýöriteleşen, Coinstar kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.
Bitkoin satyn almak üçin terminala nagt töleg girizmeli. Ondan soň, terminal
alyja CoinMe kripto gapjyk web sahypasynda hasaba alynmak üçin ulanylmaly,
kod ýazylan kagyz çekini berer, şondan soň özüňiz barada ygtybarly maglumat
bermeli we tassyklamadan geçmeli. Terminallar, bitkoin satyn alnany üçin 4%,
nagt alyş-çalyş üçin bolsa 7% töleg alynýandygy bellenilýär.