Italiýanyň Aýruno şäherjiginiň üstündäki dumanyň suraty, The Weather
Photographer Of The Year bäsleşigine laýyklykda, 2021-nji ýylyň iň gowy howa
suraty diýlip, yglan edildi.
Bu haýran galdyryjy güýz suratyny italiýaly suratçy, Julio Montini surata
düşürdi.
“Bu suraty, diňe bir nokatdan surata düşürip bolýar. Italiýanyň Lekko
welaýatynyň, Aýruno şäherjiginde ýerleşýän depäniň üstünde kiçijik buthana bar.
Bu dumanyň aşagyndan Adda derýasy akyp geçýär. Güýz aýlarynda, diňe käbir
günlerde, Günüň ilkinji şöhleleri bilen şeýle görnüşi görmek bolýar.Bu gözellik, 20
minutda tamamlanýar "-diýip, Montini gürrüň berýär.
Jemi, dürli ýurtlardan gelen suratçylar tarapyndan bäsleşige hödürlenen 8,9
müň suratdan 21 sany surat jemleýji tapgyryň sanawyna girizildi.