2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek daşary ýurtly syýahatçylar Liwiýa geldiler
diýip, syýahatçylyk we döwletiň däp-dessurlary boýunça senedi ministrligi habar
berýär.
Ministrligiň habaryna görä, Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan gelen, ýüz sany
syýahatçy 12 günlük syýahata, 19-njy oktýabrdan Gadames şäherine baryp görmek
bilen başlady. Şeýle hem bu maksatnama, çöl gezelençleri, Tripoli şäheri,
Liwiýanyň beýleki şäherlerine baryp görme, şeýle hem ýerli halk döredijilik
toparlary bilen tanyşlygy öz içine alýar.
"Myhmanlar toparynyň bu sapary – syýahatçylyk we döwletiň däp-dessurlary
boýunça senedi ministrliginiň, pudagy täzeden dikeltmek we ýurt baradaky
stereotipleri üýtgetmek ugrundaky tagallalarynyň netijesidir" -diýip, sosial
ulgamda çap edilen beýanatda aýdylýar.
Döwlet işgärleri bilen birlikde, ýewropaly syýahatçylaryň bu saparyny
gurnan syýahatçylyk gullugynyň başlygy Ali al-Kubanyň sözlerine görä, sapara
taýýarlyk dört aý dowam etdi we bu "marafon tagallasy" boldy. Onuň sözlerine
görä, dekabr aýynda täze daşary ýurt syýahatçylar toparyna garaşylýar.