Ýokanç-kesel lukmany Nikolaý Malyşew koronawirus keseli ýokuşan adam
bilen aragatnaşykdan soňra, iýmitleniş düzgüniňizi, nädip üýtgetmelidigini aýtdy.
Malyşew koronawirus keseli ýokuşan adam bilen aragatnaşykdan soň, miwe
we gök önümleri köp iýmeklige ýykgyn etmeli diýip, aýtdy. Bu önümler, keseliň
öňüni almakda tasirli bolar.
Ol “ Häzir güýz pasly dowam edýär, köp sanly gök önümler we miweler bar.
Olary has köp iýmeli "-diýdi.
Ýokanç-keseli lukmanyň sözlerine görä, koronawirus keseli bolan adam bilen
aragatnaşykdan soň, ýokardaky agzalan önümlerden 400-500 gram töweregi
iýmeli. Mundan başgada, lukman, kesellän adamlaryň sany köpelen wagtlarynda,
şäherde gezelençleri çäklendirip, COVID-19 keseline ýaýramagyny azaltmaga
gönükdirilen çärelere eýermelidigini duýdurdy.