Lukmanyň sözlerine görä, gyş aýlarynda hökmany suratda et önümlerini köp
iýmeli – gündeki iýmitiň 40 göterimi, etli tagamlardan ybarat bolmaly. Ony balyk
we ýumurtga ýaly önümler bilen hem gezekleşdirip bolar. Sowuk howalarda,
metabolizma haýallaýar, adam özüni ysgynsyz duýup başlaýar, çalt ýadadýar. Şol
sebäpden hem, adam köp energiýa almak üçin düzümi beloklara we ýaglara baý
bolan önümleri içmeli, meselem: et önümleri.
Şeýle hem, hünärmen: "Adam organizmine, howa şertleriniň üýtgetmegini
ýeňip geçmegine kömek etmek üçin, gündeki iýmitde beloklar, ýaglar, uglewodlar,
witaminler, minerallar we kletçatkalar bolup, deňagramly iýmitlenmeli. Gyş
naharlary has kaloriýaly we ýokumly bolmaly" diýip, belläp geçýär.