Reuters habar gullugy elektrik awtoulaglaryň bahasyny arzanlatmagyň
usulyny açyklaýan, material çap etdi. Onuň awtory, meşhur awtoulag öndürijisi
Toyota boldy.
Şeýlelikde, materialdaky maglumatlara görä, 2030-njy ýyla çenli Toyota
awtoulaglar üçin akkumulýatorlary işläp taýýarlamak maksady bilen, takmynan 3,4
milliard dollar maýa goýar. Şeýle hem, täze zawodyň gurluşygyny ABŞ-da amala
aşyrmak üçin, çykdaýjylaryň takmynan 1,29 milliard dollar boljakdygy habar
berildi. Bu başlangyç netijesinde Toyota 1,75 müň täze iş orunlary bilen üpjün
eder. Deslapky maglumatlara görä, degişli zawod 2025-nji ýylda işe girizilmelidir.
Demirgazyk Amerikadaky Toyota kompaniýasynyň baş direktory Ted
Ogawanyň sözlerine görä, maýa goýumlaryň kömegi bilen, kompaniýanyň elektrik
awtoulaglary has elýeterli bolar.Şeýle hem, Toyota akkumulýatorlaryň bahasyny
30% azaldar.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Toyota elektrik awtoulaglaryny nädip elýeterli etmegiň ugruny tapdy
Toyota elektrik awtoulaglaryny nädip elýeterli etmegiň ugruny tapdy
