HT Aero kompaniýasy daşarky maýadarlardan 500 million dollardan gowrak
pul toplady. Ol, Hytaýyň elektrik awtoulag öndürijisi Xpeng, tarapyndan goldanýar
we 2024-nji ýylda uçýan awtoulagyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
HT Aero brendi, goýumlary, diňe bir uçup bilmän eýsem sürüp bolýan, täze
modeli işläp taýýarlamak boýunça, barlaglary üçin peýdalanýar.
Şeýle hem, kompaniýa özüniň uçýan awtoulagyny 2024-nji ýylda öndürmegi
meýilleşdirýär, has takyk senesi awtoulagyň uçuşa goýberiljek wagtyna ýakyn
döwründe mälim ediler. Xpengi esaslandyryjy Hem Sýaopen we Xpeng awtoulag
kompaniýasynyň özi, HT Aero kompaniýasynyň maýadarlary bolup durýar.
Uçýan awtoulaglar, elektrik enjamlary hökmünde tanalýan, dikligine uçýan
we gonýan (eVTOL) soňky döwürde awtoulag pudagynyň ünsüni özüne çekdi.
Hyundai, Lilium ýaly beýleki awtoulag brendlary hem öz uçýan ulaglaryny
döretmegiň üstünde işleýärler.

Aýjeren JUMAGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň  1-nji ýyl talyby.