Ýurdumyzyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690
müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen
hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary
buýsanç bilen hasabat berdiler.
Ýurdumyzyň ekerançylary bu möwsümde bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba
hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme
aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”,
“Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”,
“Ýolöten — 1”, “Miras” görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.
Şu möwsümde ýurdumyz boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”,
“CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si,
ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet
öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.
Geljek ýylda ýurdumyzda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap
almak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
