Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her
ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň
Glazgo şäherinde öz işine başlady.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde
tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy
maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar
hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Süleýman Döwletow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk

institutynyň 2-nji ýyl talyby.