Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde açlyga garşy göreşmek we azyk
ulgamlaryny berkitmek üçin jemi 10 milliard dollar bölüp berer, bu mukdaryň
ýarysy ABŞ-nyň öz içindäki zerurlyklara gönükdiriler, ýene 5 milliard dollar
beýleki ýurtlara iberiler. Bu barada Amerikanyň administrasiýasynyň ýokary
derejeli wekili žurnalistler üçin ýörite telefon brifinginde aýtdy diýip, TASS habar
berýär.
“Men siziň köpüňiziň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýdeniň hem içerde,
hem daşary ýurtlarda açlygy ýok etmek we azyk ulgamlaryny berkitmek üçin
ABŞ-nyň 10 milliard dollar maýa goýjakdygyna wada berendigini bilýänsiňiz
diýip pikir edýärin. Wada berlen 10 milliard dollardan 5 milliard dollar Birleşen
Ştatlarda azyk ulgamlaryny berkitmäge sarp ediler, galan 5 milliard dollary biz
daşary ýurtlarda azyk ulgamlaryny berkitmek üçin bölüp bermäge wada berýäris,
ýagny 50-50 bolar” – diýip, administrasiýanyň wekili düşündirdi.
“Bu wada birnäçe ýyllyk, ýagny bäş ýyl möhlet üçin bolup, ideýa
maliýeleşdirmek bilen bagly wagty şundan uzaga çekmezlikdedir” – diýip, ol
aýtdy.
Iýul aýynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş azyk ulgamlary bilen
bagly sammite taýýarlanmak boýunça duşuşykda 2020-nji ýylda dünýäde azyndan
811 mln adamyň açlyga duçar bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu
görkeziji koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan bökdençlikler sebäpli
2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýokarlandy.
ABŞ beýleki ýurtlarda açlyga garşy göreşmek üçin $5 mlrd bölüp berer
