Facebook soňky bäş ýylda howpsuzlyk tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 13
milliard dollardan gowrak serişde sarp etdi. Bu barada kompaniýanyň web
sahypasynda sişenbe güni çap edilen metbugat beýanatyna salgylanyp, TASS
habar berdi.
"Häzirki wagtda 40 müň adam maglumatlaryň howpsuzlygyny we goragyny
üpjün etmek bilen meşgullanýar we 2016-njy ýyldan bäri topara we bu ugurdaky
tehnologiýa 13 milliard dollardan gowrak maýa goýduk" -diýlip, beýanatda
aýdylýar.
Şeýle hem hasabatda 2017-nji ýyldan bäri kompaniýanyň
administrasiýasynyň ulanyjylara erbet täsir etmek üçin 150-den gowrak
synanyşygyň öňüni alandygy ýa-da ýok edilendigi aýdylýar. Mundan başga-da, şu
ýylyň birinji ýarymynda 3 milliona golaý galp hasaplar petiklendi.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Facebook howpsuzlyk tehnologiýasy üçin soňky bäş ýylda 13 milliard dollar sarp etdi
Facebook howpsuzlyk tehnologiýasy üçin soňky bäş ýylda 13 milliard dollar sarp etdi
