Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýaponiýa iş saparynyň barşynda bu ýerde
okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de
özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny
kesgitleýän gymmatlykdyr. Eger biz ösen döwletleriň tejribesine seredip görsek,
onda, ilki bilen, bu ösüşleriň esasynda bilim berýän ulgamyň ýokary derejesiniň
bardygyna göz ýetireris diýip, milli Liderimiz belledi.
«Biz bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we hiliniň
gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris . Türkmenistanda bilim babatda
döwlet syýasatynda täze strategik maksatnamalary durmuşa geçirýäris. Arassa
ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze
neslini kemala getirmek bolsa, biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň esasy
maksady bolup durýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli,
ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip
ýetişdirmek üçin yzygiderli alada edýäris. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş
tejribesine daýanyp, biz ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan
ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet
berýäris.
Döwlet Baştutanymyz talyplara ýüzlenip, olara Ýaponiýanyň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim almagyň miýesser edendigini belledi, çünki Türkmenistan bu
ýurt bilen halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen amatly
şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz
Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz
diýip belledi. Hususan-da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar,
nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş
çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek
möhümdir.
«Siziň her biriňiz daşary ýurtda ata Watanymyz Türkmenistana wekilçilik
edýärsiňiz. Şoňa görä-de, siz watansöýüjilik, giň düşünjelilik, zähmetsöýerlik,
maksada okgunlylyk, belent ahlak we ukyp-başarnyk bilen tapawutlanmalysyňyz»
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda uly
seslenme döretdi, olar milli Liderimiziň sözlerini bilimleri düýpli özleşdirip, ata
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täzeçilleriň ilkinji hatarynda bolmak
baradaky wesýet hökmünde kabul etdiler. Ýaşlar bu gün türkmen topragynda bolup
geçýän hem-de dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýän uly özgertmeleri
buýsanç duýgusy bilen beýan etdiler.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabara gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabara gatnaşdy
