Germaniýa Tedros Adhanom Gebreýesusyň dalaşgärligini Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň (BSGG) baş direktory wezipesine ikinji bäş ýyllyk möhlete hödürledi. Bu
barada Agence France-Presse agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Germaniýa Tedros Adhanom Gebreýesusy ýene bir möhlete hödürleýär” – diýip, agentlik
GFR-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekiliniň sözlerini getirýär. Şeýlelik bilen, agentligiň
ýazmagyna görä, bu BSGG-niň häzirki ýolbaşçysynyň guramanyň baş direktory wezipesine
gaýtadan saýlanmagyna ýol açýar. Bellenilişi ýaly, dalaşgär bolmak üçin haýsydyr bir
ýurduň resmi goldawy hökmandyr.
Dalaşgärleri hödürlemek üçin iň soňky möhlet 23-nji sentýabr. Ýöne noýabr aýy
başlanýança, dalaşgärleriň ady resmi taýdan yglan edilmez. Arza tabşyrmak prosesi gizlin
bolup durýar, şol sebäpli Gebreýesus üçin arzanyň eýýäm tabşyrylandygyny ýa-da
ýokdugyny hem anyk aýtmak mümkin däl.
Eger birnäçe dalaşgär bar bolsa, bäş dalaşgärden ybarat gysga sanawy düzmek üçin 2022-
nji ýylyň ýanwar aýynda saýlawyň birinji tapgyry başlar. BSGG-niň täze ýolbaşçysyna
gutarnykly ses berişlik 2022-nji ýylyň maý aýynda bolar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri GFR Gebreýesusyň dalaşgärligini BSGG-niň täze ýolbaşçysy wezipesine hödürledi
GFR Gebreýesusyň dalaşgärligini BSGG-niň täze ýolbaşçysy wezipesine hödürledi
