ABŞ-nyň kosmos gullugy VIPER Aý roweriniň – Aýda ýöreýän enjamynyň gonjak ýerini
kesgitledi. Bu barada NASA-nyň web sahypasynda ýerleşdirilen maglumata salgylanyp,
gazeta.ru habar berdi.
VIPER awtomatiki enjamy 2023-nji ýylda Aýyň günorta polýusynda Nobile krateriniň
günbatar gyrasynyň golaýynda gonar. Enjamyň esasy maksady suw we beýleki peýdaly
çeşmeleri gözlemek üçin sebitiň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny kartalaşdyrmakdan we
öwrenmekden ybarat bolup durýar. VIPER 2024-nji ýylda adamlaryň ýene Aýa çykmagyny
we ol ýerde uzak wagtlap bolmagyny göz öňünde tutýan Artemis programmasynyň bir
bölegidir.
"Aýyň üstüne gonandan soň VIPER Günorta polýusdaky suw we beýleki çeşmeleriň
gözlegini amala aşyrar, sebäbi Nobile Crater-iň töweregindäki ýerler bize bu maksatlar üçin
has geljegi uly bolup görünýär. Bu maglumatlar bize Aý gurşawyna düşünmäge we Artemis
missiýasyny maglumat bilen birkemsiz üpjün etmäge kömek eder" diýip, NASA-nyň baş
edarasynyň ylmy administratory Tomas Zurbuhen aýtdy.