Rowaçlyklara beslenýän bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha
pugtalandyrylýar, ata Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryň ýalkymy jahana nur
saçýar. Adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollar alyslary
ýakynlaşdyrýar, halklary birek-birek bilen dostlaşdyrýar we mähirli gatnaşyklara
giň ýol açýar. Alyslara uzaýan ak ýollar hem bizi haýyrly işlere, belent maksatlara,
bagtyýar geljege sary alyp barýar. Dünýä halklary bilen dowam edip gelýän
dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga
berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny,
logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini
hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-
ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen ýokary tizlikli awtoulag
ýollarynyň hem-de çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy gurulýar, olar
Watanymyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara merkezi
hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän döwrebap we ýokary
netijeli ulag düzümlerini kemala getirýär.
Goý, halklary birleşdirip, yklymlary ýakynlaşdyrjak şeýle tutumly işleriň
amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran parasatly Prezidentimiziň jany sag, ömri
uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.
Atajan Azizow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

RU



