Ýaponiýanyň iň uly kompaniýasy Toyota Motor 110 müňden gowrak ulag serişdelerini
yzyna gaýtarmak kararyna geldi. Munuň sebäbi gibrid kuwwatly gurluş ulgamy bolup durýar.
Bu habar awtobrendiň resmi saýtynyň sahypalarynda peýda boldy diýip,  car.ru  habar
berýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, 38 model yzyna gaýtarylar. Olaryň
arasynda Prius hem bar. Umuman, yzyna gaýtarma kampaniýasyna şu ýylyň aprel –
awgust aýlarynda çykarylan 111 842 awtomobil girýär.
Awtomobilleriň islendik yzyna gaýtarylmasy barada hökmany suratda habardar bolýan
Döwlet ýerleri, infrastruktura we ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, Toyota-nyň
hünärmenleri gibrid energiýa toplumynda hereketlendirijiniň özbaşdak öçmegine sebäp
bolýan näsazlygy ýüze çykardylar.
Häzirlikçe bu näsazlyk sebäpli haýsydyr bir hadysanyň bolandygy barada maglumat ýok.
Firmanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, ähli yzyna gaýtarma işleri gysga möhletde
kompaniýanyň hasabyna amala aşyrylar.