Berhiz-lukmany Mariýa Tihomirowa böwrek saglygy üçin suw içmek
düzgünine eýermelidigini we gündeki iýmitiňizde käbir önümleriň hökman
bolmalydygyny aýtdy.
«Ol, ilkinji nobatda, brusnika miwesidir. Onuň düzüminde, fenolik
glikozidler, waksinan, likopin, flawonoidler, kumarinler, ellagiki we beýleki
kislotalar bar. Bu miwäniň buşukdyryjy we antiseptik täsiri bar. Brusnika miwesi,
dowamly böwrek keseli, urolitiýaz kesellerinde ulanylýar» – diýip, lukman belledi.
Mundan başga-da, böwrekler üçin peýdaly anis, tmin, fenhel we şibit ýaly
dürli ysly goşundylary agzap geçdi. Olar düzümindäki efir ýaglary sebäpli,
sowuklama garşy we antispazmolitiki täsire eýe bolup, böwrekleriň işleýşine hem
oňyn täsir edýär.
Ýene-de, böwrek üçin peýdaly önümleriň sanawyna apelsin, nar, üzüm,
sogan, sarymsak, hurma, garpyz we kädi hem girýär.
Näzik DÖWLETOWA,