Islandiýanyň Husawik şäherinde "Ýewrowideniýe" muzeýi açyldy, bu ýa
barada konkursyň web sahypasynda habar berilýär. Onuň ilkinji sergisi bu ýurduň
meşhur sergä gatnaşmagyna bagyşlanýar.
Eksponatlaryň arasynda – milli Söngvakeppnin telegörkezmäniň rekwizitleri
bar, onda, Islandiýa kimiň wekilçilik etjekdigi kesgitlenýär. Mysal üçin,
myhmanlar, Gagnamagnið toparynyň şu ýyl konkursda ulanan gurallaryny we
gülkünç žempirlerini, Ýohanna Gwýudrun Ýounsdottiriň köýnegini görüp bilerler –
2009-njy ýylda “Is it true” aýdymy bilen ýaryşda ikinji ýeri eýeledi.
Muzeýiň açylyşynda çagalar hory bilen Greta Salome aýdym aýtdy, ol 2012
we 2016-njy ýyllarda "Ýewrowideniýa" gatnaşyp üstünlik gazanmaga synanyşdy.
Ilkinji myhmanlaryň arasynda, Islandiýanyň "Ýewrowideniýadaky" wekiliýetiniň
başlygy, Feliks Bergsson bar.