Soňky ýyllarda Forbes-iň sanawyna bolan gyzyklanma azalan ýaly görünýär.
Ol ýerde hiç hili üýtgeşmeler bolmady: Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos
köpden bäri birinji ýerde durdy we hiç kim ony ýokardan "zyňmaga"
synanyşmady.
Ýöne, 2021-nji ýylda, Ilon Mask geň galdyryp başlady. Ol, ilki bilen, onlaýn-
gigantyň öňki ýolbaşçysyny birinji ýerden aýyrdy. Soňra ýene-de ikinji ýere
gaýdyp geldi. Häzir bolsa belli bolşy ýaly, SpaceX esaslandyryjysy rekord goýdy.
Bu materiallaryň ýazylan wagtynda, onuň 272,3 milliard dollar maýasy bardy.
Bu bolsa, Forbesiň maglumatlaryna görä, Masky "dünýä taryhynyň iň baý adamy"
diýip, hasaplanýar.
Milliarderiň, maddy hal-ýagdaýynyň düýpli gowulaşmagynyň sebäplerinden
biri Tesla paýnamalarynyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagydyr. Onuň ösüşi,
diňe geçen hepdäniň duşenbe gününde 13%-den geçdi. Ýeri gelende aýtsak,
elektrik ulagy öndürijisine, bahalaryň 1 trillion dollardan geçmegine mümkinçilik
berdi.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Mask Forbes-iň hereket edýän döwründen bäri dünýäniň iň baý adamy bolup...
Mask Forbes-iň hereket edýän döwründen bäri dünýäniň iň baý adamy bolup rekord goýdy
