Primorýe sebitindäki «Leopardyň mesgeni» milli seýilgähinde aýy maşgalasy
peýda boldy, olar Iwan Şişkin bilen Konstantin Sawitskiniň "Sosna tokaýyndaky
säher" atly meşhur suratyny gaýtalamagy başardy. Ene aýy we aýy çagalarynyň bu
suratyny, seýilgähiň işgärleri sosial ulgamlarda paýlaşdylar.
"Sosna tokaýyndaky säher" suraty 1889-njy ýylda çekildi. Şişkin eskizleri
döredip, peýzažy çekdi, Sawitskiý bolsa- Şişkiniň eskizleri esasynda aýy
çagalaryny çekdi. Kolleksioner P.Tretýakow öz wagtynda Sawitskiniň goluny
pozupdyr, şonuň üçin, diňe Şişkiniň, suratyň awtory hökmünde görkezilmegi
mümkin.
Mundan öň Krasnoýarsk sebitindäki, kamera duzagy, bilesigeliji dag pişigini
surata düşürdi. Haýwan kamera obýektiwiniň öňünde höwes bilen surata düşdi.
Primorýe sebitindäki aýylar Şişkiniň suratyny «täzeden döretdiler»
