McDonald’s we IBM bilelikde "MakAwto"-da sargyt kabul edýän
awtomatlaşdyrylan tehnologiýany girizerler.
2019-njy ýylda McDonald’s Apprente atly startap tehnologiýany satyn aldy
we adyny McD Tech Labs diýip üýtgetdi. Hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde,
IBM, bu kompaniýany satyn alar. Şol bir wagtyň özünde, eýýäm, Apprente
restoran üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy işläp düzdi. Şu ýylyň tomsunda,
McDonald’s kompaniýasy bu tehnologiýany Çikagoda ýerleşýän birnäçe
restoranda synagdan geçirdi. Şol döwürde, kompaniýa, ulgama gelýän sargytlaryň
takmynan 80% -ini gaýtadan işlemäge ukyplydygyny we takmynan 85% takyklyk
bilen ýerine ýetirip bilýändigini öňe sürdi. Gyzykly tarapy, restoranyň işgärleri
robota kömek etjek boldular, ýöne munuň geregi bolmady.
McDonald’s, synagda bu ulgam müşderiler we işgärler üçin "peýdalaryny"
görkezendigini aýtdy.