6-njy noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi.
Şol gün Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy-bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hem-de ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.
Baýmuhammet Berdiýew
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.

RU



