Türkmen aýna çykaryjylarynyň önüm eksport edýän ýurtlarynyň sany barha
artýar. Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan
ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9
aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy.
Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür.
Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bir million inedördül metr aýna, 100 müň
inedördül metr laminirlenen aýna, 400 müň aýnapaket we azyk hem-de derman
senagaty üçin dürli ölçegdäki aýna gaplaryň 15 görnüşini çykarmaga mümkinçilik
berýär. Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň guran
kärhanasynda «Clastone» (Finlýandiýa), «Buhler», «Zippe» (Germaniýa ), «Lises»
(Аwstriýa), «Cnud» (Belgiýa), «Bottero» (Italiýa) ýaly kompaniýalaryň ýokary
tehnologiýaly enjamlary oturdylan.
Kärhanada aýna ýasamak üçin gerek çig mal külke edilip üwelýär. Döwülen,
galyndy we zaýalanan aýna bölekleri-de gaýtadan işlenilýär.
Doly awtomatlaşdyrylan önümçilik binagärlik we gurluşyk pudagynyň
kärhanalaryna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Hezret Galandarow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.