2021-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini
6,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary S.Berdimuhamedow şu ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy.
Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow bölek haryt dolanyşygynyň möçberi,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda
dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdandygyny belledi.
Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.
10 aýda Türkmenistanyň JIÖ-iň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy
