Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,
Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini,
dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we
beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine jinsi matalary, nah ýüplügi, float
aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21
million 525 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň
manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, şeýle hem el haly işlerini satyn
aldylar.
Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 40 mln dollara golaý söwda edildi
