Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça (ÝUNESKO) baş direktory Odre Azule bu halkara gurluşyň
ýolbaşçysy üçin sişenbe güni geçiriljek saýlawlarda ýeke-täk dalaşgär
bolar. Ses berişlik 193 döwletden wekilleriň gatnaşmagynda Parižde
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasynda geçiriler.
Bütindünýä guramasynyň Pariždäki ştab-kwartirasynda TASS-yň
habarçysyna habar berlişi ýaly, “baş direktor wezipesine dalaşgärleri
hödürlemegiň möhleti mart aýynda tamamlandy we başga dalaşgärler
bolmady”.
Azule özüniň täze möhlete saýlanmagyny üpjün etdi diýen ýaly. Sessiýanyň
öňüsyrasynda onuň dalaşgärligini ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi
goldady. Häzirki wagtda düzüminde 58 ýurduň wekillerini birleşdirmek
bilen, ol halkara guramanyň kararlaryna uly täsir edýär.
Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli sişenbe güni
ÝUNESKO-da saýlawlar ähli sanitariýa düzgünleriniň berk berjaý edilmegi
bilen geçiriler. Mejlisler zalyna diňe ses bermäge gatnaşyjylaryň özi
goýberiler.
Baş direktoryň täze mandaty 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda hereket edip
başlar.
Azule Fransiýanyň medeniýet ministri wezipesinde birnäçe ýyllap üstünlikli
işländen soň, 2017-nji ýylyň güýzünde guramanyň ýolbaşçysy boldy. Onuň
ÝUNESKO ýolbaşçylyk eden döwründe gurama Yragyň demirgazygyndaky
Mosul şäheriniň durkunyň täzelenmegine, Liwana medeni mirasyny
dikeltmekde kömek etmäge, şeýle-de koronawirus pandemiýasy döwründe
medeniýete we bilime goldaw bermekde çäreleri geçirmäge gatnaşdy.