Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.
Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.
Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless” , “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.
Maslahatyň barşynda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar — Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde tehniki direktor Jeý-Pi Takakla, «CNBG Huawei Eurasia» kompaniýasynyň prezidenti Çžao Leý we beýlekiler çykyş etdiler.