Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň mejlisinde häzirki wagtda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny türkmen Lideriniň deputatlaryň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini nazara almak arkaly ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik birleşmeleriniň işine degişli, energiýany netijeli peýdalanmak, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, durmuş hyzmatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine, dürli pudaklaryň işini düzgünleşdirýän kanunlarda göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylyşyna seljermeler geçirilip, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.