Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär. Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.

Gruziýa eksport edilen bu önümiň jemi möçberiniň 74,7%-i Türkmenistanyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, ýurdumyz Gruziýa awiasion ýangyjy eksport etmekde lider boldy.

Degişli döwürde Gruziýa uçar ýangyjyny eksport etmek boýunça Azerbaýjan ikinji orny (12 müň tonna), Italiýa bolsa üçünji orny (10 müň 500 tonna) eýelediler.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, önümiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 54,7% ýokarlandy.