Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Ýaşlar guramasynyň döredilen senesi mynasybetli, ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňdebaryjylaryna Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirIldi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, şol sanda Aşgabat şäheriniň ýaş raýatlarynyň 62- si Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlaryna, şeýle- de ýörüte şahadatnamalara mynasyp boldular.
30 ýylyň içinde, ýagny 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri hereket edip gelýän Ýaşlar guramasy ýurdumyzda abraýly guramalaryň hataryndadyr.
Şasenem Annadurdyýewa
TDBGI –NIŇ BINAGÄRLIK –GURLUŞYK FAKULTETINIŇ TALYBY