Atakama Uly Millimetr/Submillimetr massiwinyň (ALMA) alymlarynyň
soňky gözlegleri, iki galaktikadan ybarat SPT0311-58 obýektinde suwuň
bardygyny görkezdi. Ýöne ol ýerden takmynan 12,88 milliard ýagtylyk ýyly
uzaklykda ýerleşýän, galaktikalaryň birinde göründi. Gözlegiň ähli netijeleri The
Astrophysical Journal neşrinde beýan edilýär.
SPT0311-58, 2017-nji ýylda ALMA alymlary tarapyndan görülendigi, habar
berildi. Olar, ady agzalan obýektlerden ybarat bolan, iki galaktikanyň birleşip
biljekdigini we geljekde Ýerli älemdäki ýaly uly elliptik galaktikalara öwrülmegi
mümkin diýip çaklaýarlar.
Bu ýylky açyş barada aýdylanda bolsa, hünärmenler galaktikalaryň iň
ulusynda suw molekulasyny we kömürturşy gazyny tapmagy başardylar. Olar iň iri
diýip hasaplanýar.