Berhiz-lukmany Alekseý Kowalkow haýsy iýmitleriň, bedendäki "ýaramaz"
holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýändigini aýtdy.
Lukmanyň sözlerine görä, "ýaramaz" holesteriniň derejesini peseltmek üçin
gandaky şeker derejesini kadalaşdyrmak zerur. Munuň üçin, ýeterlik derejede
düzüminde belok we kletçatka bolan önümleri iýmeli. Mundan başga-da, dietolog-
lukmany pektinlere üns bermegi maslahat berdi. Kowalkowyň tassyklamagyna
görä, pektinler, esasanam wagtynda ýygylmadyk almalarda köp. Lukman, almanyň
gara tegmillerini kesip aýryp we doňduryp, soň bolsa iýip boljakdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, ol çalt uglewodlary gündeki iýmitimiziň sanawyndan
aýryp, çylşyrymly uglewodlary goýmagy maslahat berdi. Şeýle hem holesteriniň
ýokary derejesi bilen baglanyşykly reaktiw sowuklama sebäp bolýan meseleleri
çözmelidir. Olar, meselem sinüzit, kolit, enterit, gastrit we näsag dişler.