Moskwada, SIRIUS-21 Aýyna adamlaryň uçuş we gonuşynyň öýkenmesi
boýunça halkara izolýasiýa synagy başlandy. Bellenen ekipaž 6 adamdan ybarat.
Ekipažyň düzümine ruslar, ABŞ we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri
girýär. Ekipažyň komandiri, russiýaly, kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň
instruktory Oleg Blinow. Bu synaga onuň bilen birlikde Russiýadan, IMBP-nyň
hirurg-lukmany Wiktoria Kiriçenko, Nordwind awiakompaniýasynyň öňki uçar
hyzmatçysy, häzirki wagtda bolsa IMBP-iň kiçi gözlegçisi Ýekaterina Karýakinana
gatnaşýar; Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bolsa – Rus dili we edebiýaty
boýunça bakalawr William Braun, ABŞ-nyň kosmos ulgamlary serkerdeliginiň
wekili Eşli Kowalski we Birleşen Arap Emirlikleriniň synagçy-kosmonawty Saleh
Omar Al Ameri. "Kosmonawtlaryň" esasy wezipeleri Aýa uçuşy, gonuşy we onuň
üstündäki işleriň gidişini imitirlemek.
SIRIUS-21 synagynyň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň hemmesi 240
gün Moskwadaky ýerüsti synag toplumynda – kosmiki gäminiň imitatorynda
geçirmeli. Islendik wagt, gatnaşyjylaryň her biri sebäbini düşündirmezden
"gämiden" çykyp biler, ýöne bellenip geçilişi ýaly, 60 ýyllyk synagda beýle
ýagdaý bolmady.