Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki
ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen ýangyç mazutyny, uçar hem-de yşyk kerosinini,
gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň işewür
toparlarynyň wekilleri el halylaryny, float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň
bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 19 müň
manatlykdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 30 million 625 müň
manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen
ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el halylaryny, pagta süýümini satyn
aldylar.