Alymlar, ýeterlik derejedäki gyzgynlyk adaty hirurgiki agyz-burun
örtüklerinde COVID-19 keselini döredýän wirusy ýok edip biler diýen netijä
geldiler. Bu gyzgynlyk, örtüge hiç hili zyýan ýetirmeýär.
Selsiý boýunça 70 gradus, SARS-CoV-2 wiruslarynyň 99,9% -ini öldürýär
diýip nygtalýar. Bu howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär. Örtügi bäş minudyň
dowamynda gyzgynlykda saklamaly. Munuň üçin howur peçlerini ulanmak hem
bolýar. Temperaturany ýokarlandyrmaly däl, sebäbi örtügi zyýan ýetip biler.
Bu maglumat häzirlikçe diňe täzelikdigini bellemelidiris, maglumatlara
herekete ýol görkeziji hökmünde garalmaly däldir. Lukmançylyk örtügini wagtly-
wagtynda çalyşmaklyk häzirki wagtda hem COVID-19- keselinden goranmagyň iň
täsirli usullaryndan biri hasaplanýar.