Sky News habar gullugynyň habaryna görä, Britaniýanyň Uaýt adasynda
sogan şekilli burunly özboluşly dinozawryň galyndylary tapyldy.
Bu galyndylary tapan, Portsmut uniwersitetinde doktorlyk derejesini alan
Jeremi Lokwud, adada ozal iki görnüşli dinozawryň galyndylarynyň
tapylandygyny belläp geçýär, olar esasan ösümlik iýiji iguanodon we
mantellizawrlar.
“Geçen ýyl lokdaun wagtlarynda, köp sanly süňkden doly gutulary gözden
geçirenimden soňra, 1978-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän, nusganyň kellesini
täzeden gurnamak kararyna geldim we geň galdym, onuň burnunyň ujy sogan
görnüşindedigi ýüze çykdy" – diýip Lokwud aýan etdi.
Portsmut uniwersitetiniň professory Deýw Martill we Britaniýanyň tebigy
taryhy muzeýiniň doktory Suzanna Meýdment bilen bilelikde işleýän Lokwud,
gazuw-agtaryş ýeriniň golaýynda ýerleşýän Braýtstoun obasynyň hormatyna, öz
tapyndysynyň adyna Brighstoneus simmondsi diýip at berdi. Adyň ikinji bölümi,
bu nusganyň ilkinji tapylyşyna we gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan höwesjeň
kolleksioner Kit Simmondyň hormatyna berilýär. Tapyndy baradaky makala
Journal of Systematic Palaeontology atly žurrnalda çap edildi.

Laçyn ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby