"Ýewropulsyň" habaryna görä, Germaniýada tüsse detektorlary bolan
ýapraklar döredildi, olar tokaýda dörän ýangyny wagtynda bilmäge kömek edýär.
Täze datçikler – nemes startap Dryad kompaniýasynyň işläp döreden
enjamydyr. Olar gün panelleri bilen işleýär, şekilleru hakyky ýapraklara meňzeýär
we öz wagtynda ýangynyň başlanandygyny duýmaga mümkinçilik berýär.
Gazlaryň garyndysyny belligi alyp, enjamlar awtomatiki usulda tokaý hojalygyna
maglumat iberýärler.
Datçiklarer biri-birinden üç kilometr uzaklykda bolan agaçlara berkidiler.
Taslamanyň eýýäm ÝB goldawyny alandygy açyklandy.
Adatça ýangynlara gözegçilik etmek üçin beýik maçtalardaky kameralar we
hemra gözegçiligi ulanylýar. Ýöne, bu usul diňe tokaýdaky uly ýangynlary ýüze
çykaryp biler.

Ogulnäzik ÇARYBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby